Ýatlamalaryň ýaýlasynda

14 Noýabr 2023
904

Ejem güýz paslyny aýratyn söýerdi. Tomus aýlarynda agşam salkyn düşenden soň tamdyra çörek ýapýan ejem, güýz aýlarynda daň bilen basyran hamyryndan guşluk boluberende gyzgynjak çörek bişirip saçaga ýaýradardy. Onuň bişirýän tamdyr çörekleriniň şeýle datly tagamy, ýakymly ysy näçe ýaşan-da bolsam hiç aňymdan gidenok.

Indi eneçeme ýyldyr sary ýapynjaly göwher güýzi ejemsiz garşylaýanlygym üçin gözüm tamdyra çörek ýapyp duran zenanlary gözleýär. Ýüzüne gyzgyn howruň çabyramazlygy üçin ýüzüni ýaglyk bilen saraýan zenanlaryň ählisi maňa ejem jan bolup görünýär. Tamdyr çöregini saçagyma dolasam ejemli günleriň ýakymly ýatlamasyna gaplanýaryn, ol kalbymyň hemrasy, göwnümiň ylhamy. Bu gün men ýene-de ejemiň ojagyna myhmançylyga geldim. Onuň giň howlusyna gaýyp gaçýan güýz ýapraklaryny syryp-süpürip çykdym. Göräýmäge, ejem janyň howlusynda özgeren zat ýok ýaly. Şol gäwmüş gaýtaryp duran akja köşeklije düýämiz, şol baglar... Emma, wagt ähli zadyň ornuny çalşypdyr. Ýaňy-ýaňylar hem towsup ýören çagadyk, eýýäm biz ene.

Mährijemal ÇOPANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.