Sahna sungatynyň toýy

14 Noýabr 2023
628

Bu gün goşa teatryň — Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň we Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatrynyň ýerleşýän ýeri bolan Magtymguly şaýolunyň ugry köp adamly bolup, ol ýere «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň açylyş dabarasyna gelenler ýygnanyşdylar, dabaraly pursatlary başdan geçirdiler. Açylyş dabarasynyň öňüsyrasyndaky bu ýakymly pursatlar sungaty söýüjilerde ýakymly duýgulary oýardy.

Ýörite habarçymyz.