Günorta Koreýanyň logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny açmak isleýär

14 Noýabr 2023
467

Günorta Koreýanyň «Rovigos Inc.» logistika kompaniýasy Türkmenistanda öz şahamçasyny döretmek işleýär. Bu barada «Trend.az» habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, satuw we çykdajylary yzarlamak üçin emeli intellekt tehnologiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan belli logistika platformasy bolan «Rovigos» Merkezi Aziýanyň, esasanam Türkmenistanyň bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardyr.

Kompaniýanyň baş direktory «Rovigos»-yň seljermesi emeli intellekt esasynda organiki taýdan integrirlenen, satuwlary çaklamaga we bahalaryň tendensiýalaryny yzarlamaga mümkinçilik berýän iň täze çözgütleri üpjün etmekde öňdebaryjydygyna ünsi çekdi.