«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara

13 Noýabr 2023
568

Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýä halklarynyň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak bu festiwalyň işine uly üstünlik arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.