Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçirilýär

13 Noýabr 2023
612

Golaýda paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda Ýewropa yklymynda uly meşhurlyga eýe bolan aýdym-saz ussatlarynyň konserti geçirildi. Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Fransiýanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanalary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy, paýtagtymyzdaky Fransuz instituty hem-de Fransuz — German medeni gaznasy tarapyndan bilelikde guraldy. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky sazandalar topary daşary ýurtly sungat ussatlary bilen ýewropa we türkmen mukamlaryny ýerine ýetirip, medeni çärä gatnaşyjylara ýakymly täsirleri bagyşladylar.

Bilelikdäki konsertde ýaňlanan eserleriň hatarynda dünýä belli nusgawy sazlary döreden Lýudwig wan Bethoweniň «Egmont» uwertýurasy, Kamil Sen-Sansyň «Aýralyk tansy», Nury Halmämmedowyň «Simfoniýasynyň» 1-nji bölümi bolan «Andantinosy» bar. Meşhur fransuz kompozitory Pýer Tilluanyň täze döreden «Asmanyň we deňziň pyşyrdylary» atly eseriniň ilkinji gezek saz muşdaklaryna ýetirilmegi konsertiň has-da şüweleňli pursady boldy. Germaniýaly opera hem wokal aýdymçysy Neýma Fişeriň solistlik etmeginde köpçülige ýetirilen eseriň awtory fransuz, sözüni ýazan nemes, sazyny ýerine ýetiren türkmen halkynyň wekilleridir.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».