«Arkadagyň säheri» – köňüllerde döreder baky bahary

12 Noýabr 2023
1088

Ýakynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Kinofestiwal Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ilkinji gezek guraldy.

Bu festiwal dünýäniň kino muşdaklarynyň ünsüni Arkadag şäherinde jemledi diýip açyk aýdyp bileris. Sebäbi kinofestiwala Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň kino we teatr artistleri, režissýorlary, prodýuserleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda «Bozdag Film» kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, türk kino ýyldyzy Burak Özçiwit, «Monde et Media» fransuz kompaniýasynyň artisti Eduar Montut hem bar.