Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

12 Noýabr 2023
837

Mähriban çagalar, žurnalymyzyň şu sanynda Ak bugdaý etrabynyň N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebinde okaýan ýaş suratkeş Serdar Mämiýewiň çeken suratlaryny size hödürleýäris. Ol diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän surat bäsleşiklerine gatnaşyp, özüniň ukyp-başarnygyny görkezýär. Onuň 2022-nji ýylda Belarussiýa Respublikasynda geçirilen «Planetada çagalar dostlaşýarlar» atly VIII Açyk halkara çagalaryň surat bäsleşigine, şeýle-de 2023-nji ýylda TÜRKSOÝ guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Türk dünýäsi — ýaş suratkeşleriň gözi bilen» atly bäsleşigine gatnaşyp, degişli şahadatnamalara eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ýyllyga bagyşlanyp döredilen kitapda bolsa çeken suratynyň ýerleşdirilmegi onuň ýene bir üstünligi boldy.