Medeni habarlar

9 Noýabr 2023
588

Türkmen teatrynyň üstünligi

1-4-nji noýabr aralygynda TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde I halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu çärä gatnaşan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry festiwalyň diplomy, ýadygärlik sowgady bilen sylaglanyldy. Özbek, azerbaýjan, gyrgyz, gazak, türk sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu medeni çärede türkmen artistleriniň görkezen «Söýgi we hasrat» atly spektaklynda baş gahrymanyň keşbini janlandyran artist Gülnabat Abdullaýewa festiwalyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.

Ýörite habarçymyz.