Işi täsindi, tejribesi täsirdi

9 Noýabr 2023
719

Belli fotožurnalist Gurbandurdy Myradowy ýagşylykda ýatlap...

Gökdepäniň şol wagtky etrap gazetinde fotohabarçy bolup işe başlaýan döwürlerimdi. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrynda, baharyň hoştap howaly günleriniň birinde redaktorymyz Orazmämmet Saparow etraba «Türkmeninformyň» (häzirki Türkmen döwlet habarlar agentliginiň) fotožurnalisti Gurbandurdy Myradowyň gelýändigini, meniňem şonuň bilen bile sapara gitmelidigimi aýtdy. Şondan soň agşamara onuň bilen Yzganda gitdik. Obadaky 11-nji orta mekdebiň şol wagtky müdiri Amanguly Nuryýewlere baryp, şol gije olarda myhman bolduk. Seredip otursam, olar ýokary okuw mekdebinde bile okan ekeni. Ertesi irden Gurbandurdy aga (oňa deň-duşlary Köşek aga-da diýýän eken) haýdan-haý iş gurallaryny — fotoenjamlaryny birlaý gözden geçirdi. Ony ýörite süpürgiç bilen arassalaşdyrdy. Ulanjak fotoplýonkalaryny taýýarlady. Garaz, ol işine diýseň jür eken. Hemme zatlaryny gaýta-gaýta gözden geçirdi.

Annabaýram PAÝAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.