Dutaryň Moskwadaky owazy

9 Noýabr 2023
513

Ýakynda Moskwa şäherinde tanymal türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Dutaryň owazy» atly halkara VII saz festiwaly geçirildi. Oňa gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň wokal mugallymy, aýdymçy Begdurdy Çerkezow festiwalyň III derejeli diplomy bilen sylaglandy. Belli türkmen pianinoçysy Aýlar Saparmyradowanyň sazandarlyk etmeginde zehinli aýdymçy Begdurdy Çerkezow meşhur kompozitoryň dürli ýyllarda döreden hem-de türkmen kinofilmlerinde ýaňlanan aýdymlaryny täze öwüşginde ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Ýörite habarçymyz.