Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary boýunça Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde okuw-usulyýet maslahaty geçirildi.
Maslahat «Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek — pedagogik we sungat işgärleriniň mukaddes borjy» ady bilen geçirilip, çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň bilimini has-da artdyrmak, okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk guramak, halypa-şägirtlik ýollaryny ösdürmek üçin alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.