Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýe bolýar. Şunda wirusly gepatitleriň öňüni almak ugrundaky çärelere-de uly orun degişlidir.
Wirusly gepatitleriň öňüni almak boýunça çäreler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2012-nji ýylda çykaran, ýurdumyzda wirusly gepatitleriň öňüni almak baradaky buýrugy we 2018-nji ýylda tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2030-njy ýyllar aralygynda wirusly gepatitlere geçirilýän gözegçiligi güýçlendirmek boýunça Strategik meýilnama» esasynda amala aşyrylýar. Bu meýilnama Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň resminamalary, ýagny «2016 — 2021-nji ýyllarda wirusly gepatitler boýunça saglygy goraýyş ugrunda Ählumumy strategiýanyň» we «Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitinde wirusly gepatitlere garşy göreşmek boýunça saglygy goraýyş ugrunda Iş meýilnamasynyň» maksatlary hem-de wezipeleri esasynda BSGG-niň bilermenleriniň ýardam bermeginde taýýarlanyldy. Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ähli agza ýurtlary bilen bir hatarda, bu halkara resminamalary we olaryň maksatlaryny, şol sanda wirusly gepatitler boýunça Ählumumy strategiýany — jemgyýetçilik saglygyna howp salýan wirusly gepatitleriň 2030-njy ýyla çenli eliminasiýa ýagdaýyny gazanmak maksadyny goldap çykyş etdi.