Bilimler çeşmesiniň boýunda

1 Noýabr 2023
429

Kitaphanalar gyzykly wakalary, taryhy maglumatlary, gatbar-gat ylym basgançaklarynyň belentliklerini, täsin syýahatlary goýnunda jemleýän mukaddes ojakdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddes ojaklar täze belentliklere göterilmek bilen, okyjylar köpçüliginiň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işi barha kämilleşdirilip, okyjylara medeniýetli hyzmat etmegiň döwrebap usullary ýola goýulýar. Türkmenabat şäherindäki welaýat çagalar kitaphanasy hem şeýle medeni ojaklaryň biridir.

Welaýat çagalar kitaphanasy 1960-njy ýylyň iýunyndan bäri öz okyjylaryna hyzmat edip gelýär. Bu ýere her gün çagalaryň onlarçasy gelip, özlerini gyzyklandyrýan çeper eserleri, ertekileri we beýleki dürli edebiýatlary okaýar. Kitaphananyň kitap hazynasy Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Galkynyş» kitap merkeziniň täze edebiýatlarynyň hasabyna yzygiderli baýlaşdyrylýar. Häzirki wagtda kitaphananyň 117,5 müňden gowrak kitap gory, müňe golaý okyjysy bar. Okyjylaryň aglabasy mekdep okuwçylary bolup, olar Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine aýratyn uly isleg bildirýärler. Şeýle bolansoň bu ýerde Milli Liderimiziň meşhur eserleriniň esasynda okyjylar maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, çeper okaýyşlar yzygiderli guralýar. Kitaphanada dünýä çagalar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri bilen tanyşmaga-da giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalara bu ýerde Mark Twen, Hans Andersen, Redýard Kipling ýaly meşhur daşary ýurtly ýazyjylaryň eserleri türkmen dilinde hödürlenilýär.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.