Ýörjen-ýörjen ýör çaga

27 Oktýabr 2023
1192

Çagalary mydama gorap ýörmeseň, käbir keseller tiz ýokuşagan bolýar. Esasan-da, olary ýokanç kesellerden gorap durmaly. Ýokanç keseller bilen kesellemez ýaly, onuň öňüni alyş sanjymlaryny wagtly-wagtynda almaly. Çaganyň agramynyň, boýunyň her aýda ölçenmegi hem-de öňüni alyş sanjymlarynyň tertibe görä alynmagy onuň sagdyn ösmegine ýardam eder.

Çaga görmäge, eşitmäge, duýmaga we hereket etmäge mümkinçilik bermeli, şol sebäpli onuň sallançagyndan ýa-da krowatyndan uly, açyk reňkli oýnawaçlary görüp, ellerini uzadyp biler ýaly edip asyp goýmaly. Çaga bilen gürleşmeli, aýratyn-da, emdirýän wagtyňyz gürleşmek has-da oňaýlydyr.

Ziýada KADAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň bir ýaşa çenli çagalar bölüminiň müdiri.