Sagdyn bedende – sagdyn ruh

24 Oktýabr 2023
610

Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň çyglylygy we sowap başlamagy bilen ýüze çykyp biläýjek ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, ellerini arassa saklamaly, günüň dowamynda sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Ýiti respirator keseli basym ýokuşagan bolup, howa-damja ýoly bilen gürleşilende, üsgürilende, asgyrylanda bir adamdan beýleki adama geçýär. Keseliň bu görnüşi birden gyzgynyň galmagy, kelle we endamyň agyrysy, üşütme bilen başlaýar. Keseli aýak üstünde geçirýänlerde öýken sowuklamasy, radikulit, gaýmorit, gulagyň sowuklamasy ýaly gaýraüzülmeler bolup bilýär. özüňizi ýiti respirator wirusly kesellerden goramak üçin birnäçe talaplary berjaý etmek hökmanydyr: mümkin boldugyça, näsagy aýratyn otaga ýerleşdirmeli we näsagyň düşekde ýatyp bejergi almak düzgünini berk berjaý etmeli.

Mekan AGAÝEW,
Aşgabat şäherindäki 12-nji Saglyk öýüniň lukmany.