Mukama siňen ömür

23 Oktýabr 2023
401

«Meşhur şahslar öz halkyny beýiklige göterýär» diýen jümläniň mazmuny bilen her bir adam ylalaşýandyr. Sebäbi asyrlarboýy geçilen menzillerde munuň şeýledigini tassyklaýan mysallara duşmak asla çetin däl. Bütin ynsanyýetiň taryhynda yz goýup, aňynda orun alan belli şahslaryň özleri haýsy döwür-haýsy zamanada ýaşap geçendigine seretmezden, gör, niçe aý-ýyllar ötse-de, olaryň meşhur bolan atlary ýaşamagyny dowam edýär. Bitiren beýik işleriň, döreden eserleriň bilen meşhur bolmak öz halkyň mertebe merduwanyndaky basgançaklaryň birine öwrülip, hakydalarda baky ýaşap ýörmek diýildigi dälmidir?!

Akylyňy haýran edýän ajaýyp saz eserlerini ynsanyýete bagyş eden türkmeniň meşhur saz ussady Nury Halmämmedow hem dünýä belli kompozitorlaryň hatarynda ady tutulyp, ýaşamagyny dowam edýär. Onuň döreden eserleri bu gün türkmen aýdym-saz sungatyny söýüjileriň ýüreklerine siňip, beýikligini dünýä äşgär edýär.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
«Watan».