Teatryň artistleri okuwçylaryň arasynda

23 Oktýabr 2023
361

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri Kerki etrabynda döredijilik iş saparynda boldular. Olar mekdeplerde myhmançylykda bolup, okuwçylaryň öňünde gülküli sahna oýunlary bilen çykyş etdiler.

Teatryň režissýory Perhat Hudaýberenowyň aýtmagyna görä, saparyň esasy maksatlarynyň biri ösüp gelýän ýaş nesli teatr sungaty bilen tanyşdyrmakdan, ýaşlarda sungata söýgi döretmekden ybaratdyr. Artistler saparyň dowamynda tomaşaçylar bilen sowal-jogap hem alyşdylar.

Döwlet JUMADURDYÝEW.