Tatarystanyň Medeniýet günleri geçirildi

20 Oktýabr 2023
445

17-nji oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy. Bu ýere medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary we doganlyk tatar halkynyň sungatynyň muşdaklary ýygnandylar. Myhman wekiliýetiň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Tatarystan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň işgärleri bar.

«Watan».