TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty

20 Oktýabr 2023
501

Ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Şuşa şäherlerinde Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň II maslahaty hem-de Türki dünýäniň I medeniýet forumy geçirildi.

Bilşimiz ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäheri 2023-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilipdi. Geçen 2022-nji ýylda bu derejä Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäheri eýe bolupdy. Şol ýyl guramanyň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde bolsa Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu baradaky degişli karary TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi kabul etdi. «Türki dünýäniň medeni paýtagty» atly taslama türki halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini äşgär edip, olaryň mirasyna ünsi çekmekden ybaratdyr. Bu taslama boýunça her ýyl türki dilli ýurtlaryň dürli şäherlerinde medeni çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi halkara jemgyýetçiligi türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Meretgeldi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory.