Halklary ysnyşdyran festiwal

19 Oktýabr 2023
617

14-15-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Russiýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň sungat ussatlaryny özünde jemlän bu giň gerimli döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy. Ýatdan çykmajak festiwalyň açylyş dabarasyna şol ýurtlaryň aktýorlary, režissýorlary, kino, teatr artistleri, prodýuserleri gatnaşdylar.

Halklary ysnyşdyran festiwal tanyşdyrylyş dabaralary, aýdym-sazly döredijilik çykyşlary bilen açylyp, 15-nji oktýabrda — jemleýji gününde festiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen hem tamamlandy. Ýagny Gazagystanyň «Gopuz», Täjigistanyň «Sary çeşme», Türkmenistanyň «Toý köýnek», «Umyt», «Nesibe», Özbegistanyň «Üzüm», «Meniň arzuwym Özbegistan», Gyrgyzystanyň «Umyt», «Öz kakasynyň ogly», «Poçtaçy» filmleri hem-de «TRT» teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň «Bozdag Group» kompaniýasy, Russiýa Federasiýasynyň «Ahalteke» atly filmi diplomlara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldy. Kinofestiwalda 3-nji orny eýelän Gazagystanyň «Sary ömür», 2-nji orny eýelän Gyrgyzystanyň «Gelin heýkeli» atly filmleriniň döredijilik toparlaryna gymmat bahaly sylaglar, «Kagyza ýazylan ykbal» atly türkmen filminiň režissýory Sapardurdy Annaýewe «Akhan» binasynyň şekilindäki kubok, şeýle-de Türkiýe Respublikasyndan kinorežissýor Mehmet Bozdaga, «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte ýörite sylaglar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.