Sungatlar sözleşende

19 Oktýabr 2023
467

Medeniýet, sungat halklaryň ruhy dünýäsi barada açyk-aýdyň söz açýanlygy bilen asyrlaryň dowamynda ynsanlary birleşdirýän köpri bolup gelipdir. Şonuň üçin-de asyrlar içre dowam edip gelen gatnaşyklar halklaryň ruhy dünýäsinde-de ýakynlygy emele getirýär. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem iki halkyň arasyndaky ruhy ýakynlygy nobatdaky gezek äşgär etdi.

Dostluk baýramçylygyna beslenen Medeniýet günleriniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen açylyş dabarasynyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetkärleriniň işleriniň, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan sergisi guraldy.

Ýörite habarçymyz.