Gulnaz Ismagilowa,
Russiýa Federasiýasynyň Suratkeşler Birleşmesiniň we Tatarystan Republikasynyň Senetçiler palatasynyň agzasy:
— Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelişim. Siziň şeýle täsin hem ajaýyp ýurduňyz meni haýran galdyrdy. Aşgabadyň dürli ýerlerine gezelenç etdim. Watanyňyza muzeý diýsemem gelişmän duranok. Siziň milli däp-dessurlaryňyz, edep-ekramyňyz, milli gymmatlyklaryňyz tutuş dünýä nusgalykdyr. Men gadymy milli gymmatlyklara uly sarpa goýýaryn. Meniň esasy hünärim hatdat. On ýyl bäri arap ýazuwy hem-de nagyşlara gyzyl çaýmak sungaty bilen meşgullanyp gelýärin. ABŞ, Hindistan, Türkiýe, Alžir, Eýran, Özbegistan ýaly dürli ýurtlarda bolup, 60-dan gowrak halkara sergilere gatnaşdym. Bu gün bolsa şeýle ajaýyp ýurtda — Türkmenistanda geçirilýän Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň medeniýet günlerine gatnaşýandygyma buýsanjymyň çägi ýok. Goý, bütin dünýä ýüzünde şular ýaly ruhy lezzet paýlaýan döredijilik çäreleri dowamly bolsun!