Taryhy drama sahnalaşdyrylýar

19 Oktýabr 2023
948

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmämmet Galandarow şahyr Oguljennet Bäşimowanyň edebi esasyny ýazan “Gilgameş” atly adybir taryhy dramasyny sahnalaşdyrmaga girişdi. Bu günki günde diňe türkmen däl-de, eýsem, dünýä edebiýatynyň görnükli nusgawy eseri hasaplanylýan “Gilgameş” dessany esasynda sahnalaşdyrylýan täze spektakl halkymyzyň geçmiş-taryhynyň altyn sahypalaryny çeper keşpler arkaly suratlandyrýar. Ýakyn günlerde tomaşaçylara hödürlenjek spektaklda baş gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirmek teatryň R.Nazgurbanow, A.Berdiýewa, M.Sätiýew, A.Nepesowa ýaly belli artistlerine ynanyldy. Taryhy dramanyň sahna bezegini we oňa gatnaşýan artistleriň eginbaşlaryny teatryň suratkeşi Kuwwat Mämmetnepesow ýerine ýetirdi.

«Edebiýat we sungat»