Ähli döwürleriň kompozitory

19 Oktýabr 2023
825

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Daşoguz şäher bagşylar muzeýinde “Süňňi owaz, zanny saz” atly sergi guraldy. Ýaşan manyly ömrüni milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine bagyşlan, “ähli döwürleriň kompzitory” diýlip ykrar edilen halypa kompozitoryň ýubileýi mynasybetli guralan sergide türkmen we daşary ýurtly sazşynaslaryň onuň ömri we döredijiligine bagyşlap dürli ýyllarda ýazan kitaplary, kompozitoryň durmuş we sungat ýoluny şöhlelendirýän fotosuratlar hem-de onuň öz halkyna miras galdyran ajaýyp aýdymlardyr sazlarynyň ýazgylary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

«Edebiýat we sungat»