Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

18 Oktýabr 2023
447

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasaty netijesinde berkarar Diýarymyzyň arap döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Şu ýylyň 19-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen sammitine gatnaşmagy hem muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistanyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň düzümine girýän alty ýurt — Saud Arabystany Patyşalygy, Birleşen Arap Emirlikleri, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Bahreýn Patyşalygy we Oman Soltanlygy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha giňelýär.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-arap hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ylym-bilim we ynsanperwer ulgamlarynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan tarapyndan bir okuw otagynyň we kitaphananyň doly kompýuter we multimedia enjamlary hem-de okuw kitaplarydyr gollanmalary bilen üpjün edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Daňatar ATAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.