Buýsançly ýürekleriň joşguny

18 Oktýabr 2023
472

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip düzülen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Şu ýylyň dowamynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Saglygy goraýyş müdirligi we onuň düzüminde köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we saglygy goraýşyň awtoulaglar kärhanasy ulanmaga berildi.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.