Il saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

18 Oktýabr 2023
573

Täze taryhy döwürde döwlet syýasatynyň düýp özeninde halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ynsan gymmatlyklaryna hormat goýmak, hemaýata mätäçlere goldaw bermek mukaddes ýörelgä öwrülýär.

Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy-syýasy ähmiýetli wakasyna öwrülip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny, ägirt uly sahawatly işlerini bütin dünýä äşgär edýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli daşary ýurtlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi «Arkadag» medalynyň ilkinji eýeleri boldular.

Arazmyrat HANGELDIÝEW,
Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.