Derde derman bu Diýar

18 Oktýabr 2023
520

Gadymyýetden bäri halklaryň arasynda her bir näsagy öz Watanynyň topragy bilen bejermelidigi baradaky aýtgy ýörgünli. Hakykatdan-da tebigat öz goýnundan orun berýän ynsanynyň derdine gowy düşünýär. Ýöne ynsanyň tebigatyň şol nygmatlaryndan peýdalanmagy üçin, ilkinji nobatda, onuň diline düşünmegi zerur bolup durýar. Munuň ýörite ylmy bar. Özem bu ylym ynsanlaryň iň gymmatly baýlyklary bolan saglygyny goramaga gönükdirilendigi üçin naýbaşy ylymlaryň hatarynda. Dünýä ylmynda fitoterapiýa diýlip atlandyrylýan bu ylym tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini öwrenýär. Dermanlyk ösümlikleriň we olaryň esasynda alynýan derman serişdeleriniň sintetiki serişdelerden ähli babatda artykmaçdygy bolsa hakykatdyr. Şu jähetden Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň müňlerçe derde em boljak dermanlyk ösümliklerini ýerlikli we ylmy esasda peýdalanmagyň aýratynlyklaryny özünde jemleýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň gymmaty aýratyndyr. Golaýda bu gymmatly eseriň ХV jildini elimize aldyk. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, daşary ýurt okyjylaryna hem elýeterli boldy. Häzirki wagtda bu ylmy-ensiklopedik eser lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň ýakyn ýardamçysyna öwrüldi.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Bu düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Şeýle-de bu kitap okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň nobatdaky jildi ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda saglyk, ylym-bilim we ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Aýbibi ÇARYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.