Kadaly iýmitlenmegiň ähmiýeti

18 Oktýabr 2023
468

Güýz möwsüminiň gelmegi bilen howa gijelerine we irden sowap, günortana golaý gyzýar. Eger-de günüň dowamynda kadaly iýmitlenmegiň we ýeterlik mukdarda 1,5-2 litre çenli arassa agyz suwuny kabul etmegiň düzgünleri doly berjaý edilmese, ýiti respirator wirus ýokanjy bilen kesellemek ähtimallygy ýokary bolýar. Ertirlik naharyny edinmezden öňürti irdenki maşklary ýerine ýetirmeli. Bu endik maşgalada bilim edaralaryna gatnaýan (çagalar bagyna, mekdebe) çaga bar bolsa, onuň ukudan gowy oýanmagyna we işdäsiniň açylmagyna täsir edýär. Nahardan öň işdäaçaryň, nahardan soň bolsa miwäniň iýilmegi ýa-da miwe şiresiniň içilmegi naharyň işdämenlik bilen iýilmegine we gowy siňmegine oňaýly täsir edýär. Günortanlyk naharynda hökman buglanyp ýa-da gaýnadylyp bişirilen gyzgyn naharlary kabul etmeli. Kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerine görä, däneli we kösükli ösümliklerden bişirilen gyzgyn naharlary kabul etmek saglygymyz üçin has peýdalydyr. Naharyň öňünden akar suwda gowy ýuwlup, arassalanan gök önümlerden (kelem, käşir, hyýar, pomidor, gök otlar we ş.m.) taýynlanan işdäaçarlary iýmeli. Agşamlyk ýeňil siňýän naharlary iýip, ondan soň 1-1,5 sagat gezelenç etmeli. Naharyň gapdalyndan askorbin turşusyny saklaýan önümleri (limon, sarymsak, sogan we ş.m.) iýmeli. Bu düzgün günüň dowamynda adamyň bedenini gerek bolan witaminler we mikroelementler bilen üpjün etmäge we bedeniň berkemegine, kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Ata-babalarymyzyň: «Ertirlik naharyňy özüň iý, günortanlyk naharyňy dostuň bilen paýlaş» diýen aýtgysyny ýörelge edinip, kadaly iýmitlenmek düzgünlerine eýeriň. Çünki öz saglygymyz özümize baglydyr.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.