Halk lukmançylygy

18 Oktýabr 2023
361

Diňe igde hakynda

Igde agajy hakynda türkmen halkynda şeýle bir rowaýat bar. Gadym döwürlerde Horasan hem Horezm atly iki sany ýer urup, ýetim galan dogan bar ekeni. Olar igde tokaýlygynda ýaşaýan ekenler. Horasan hem Horezm igde tokaýlygynda igde agajynyň miwesini iýip, şahasyndan ok-ýaý ýasanyp, aw edip, ulalyberipdirler. Ýigit çykanlarynda bolsa olaryň hersi bir welaýatyň häkimi bolupdyr. Olary açlykdan çykaran, edermen batyrlar edip ýetişdiren närse ene toprakda ösüp oturan igde tokaýlygy bolupdyr.