Kuwwatyň, berk saglygyň we uzak ömrüň çeşmesi

18 Oktýabr 2023
515

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ylmyny ösdürmek we ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetli aýratynlyklary baradaky ylmy işleri uly ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň sahawatly türkmen topragynda bitýän ösümlikler  barada gyzykly maglumatlary, suratlary özünde jemleýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 15-nji jildiniň çapdan çykmagy saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda zähmet çekýän işgärleri, hünärmenleri hem örän begendirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi iňňän baýlygy bilen tapawutlanypdyr we ol müňýyllaryň dowamynda birnäçe keselleri bejermek üçin serişde bolup hyzmat edipdir. Biziň topragymyz, mähriban tebigatymyz biz üçin kuwwatyň, berk saglygyň we uzak ömrüň çeşmesi bolup durýar» diýip belläp geçişi ýaly, sahawatly topragymyzyň dermanlyk ösümlikleri we olardan taýýarlanýan derman serişdeleri saglygy bejermekde, berkitmekde keselleriň öňüni almakda örän peýdalydyr. Bu kitap hem ýurdumyzda Güneş çogunyň, ýakymly howanyň  täsiri bilen kemala gelýän ösümlikleriň 119-synyň dermanlyk häsiýeti baradaky maglumatlary özünde jemlemek bilen, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagy umumylaşdyrýar. Fitoterapiýa ylmyny ösdürmekde hormatly Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopedik işiniň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn nygtamak gerek.

Aýjahan Öwezowa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň okuw we önümçilik amaly müdiri. s