Güýzde bedeni berkidip

18 Oktýabr 2023
498

Her paslyň özüne görä aýratynlygy bolýar. Howanyň üýtgemegi zerarly döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaly. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin düzgünleri, esasan-da, arassaçylyk çärelerini berk berjaý etmek zerurdyr. Güýz paslynyň gelmegi bilen, howa salkynlap, adam bedeninde hem üýtgeşmeler bolup geçýär, ýagny käbir dowamly keselleriň: ýürek-damar gan ulgamlaryndaky, allergiýa keselleri, dem alyş ýollarynyň dowamly syrkawçylyklarynyň gaýtalanmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda allergiýa keseliniň güýjemezligi üçin allergiýanyň döremegine sebäp bolýan iýmitleri iýmekden saklanmaly. Ýürek-gan damarlarynyň keselleriniň gaýtalanmazlygy üçin her gün irden ýeňiljek beden maşklaryny ýerine ýetirmeli, iýmitiň  düzüminde kaliý, kalsiý saklaýan guradylan miweler (erik kişdesi, kişmiş) bolmaly. Dem alyş ýollarynyň dowamly keselçilikleriniň öňüni almak üçin dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmeli, ýagny çuň dem almaly. Munuň bedeni kislorod bilen ýeterlik derejede üpjün etmäge kömek berýändigini ilkinji nobatda bellemek gerek.

Bedeniňi berkitmekde nerw ulgamyny taplaýan, ýürege we damarlara gowy täsir edýän, arterial basyşy kadalaşdyrýan we maddanyň çalyşmagyna ýardam berýän suw bilen bejeriş usulynyň uly ähmiýeti bardyr. Sagdyn ýaşamak üçin günüň dowamynda 1,5-2 litre çenli suwuklyk içmeli. Çaý, aýran, çal, miwe we gök önümleriň şirelerini, mineral suwlary hem içmeli. 

Amanbagt Rahymowa,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany.