Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany

18 Oktýabr 2023
454

Alym, lukman, şahyr Abu Aly ibn Sina X-XI asyrlarda ýaşap geçip, dürli ugurlarda ägirt uly mirasy galdyrypdyr. Ýewropada Awisenna ady bilen tanalýan akyldar 29 ugur boýunça 450 iş ýazypdyr. Gündogarda «Alymlaryň baştutany», Günbatarda «Akyldarlaryň serdary» diýen derejelere mynasyp bolmagy onuň dünýäde meşhurlygynyň subutnamasydyr. «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», «Bejeriş hakynda kitap» ýaly eserleri, keselleriň öňüni almak, bejermek, dermanlyk ösümlikleriň peýdasy baradaky parasatly pikirleri  häzirki döwürde-de öz gymmatyny ýitirmeýär. Bu günki gün beýik akyldara we lukmana belent sarpa goýulýar. Akyldaryň heýkeliniň paýtagtymyzdaky «Ylham» seýilgähinde oturdylmagy, ýakynda  «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi lukmançylyk ylmynda uly işleri bitiren beýik şahsyýete goýulýan hormatyň nyşanydyr. Bizem Lukman hekimiň saglyk hakda paýhasly pikirlerini size ýetirmegi makul bildik.

Dowla düşmek — keseliň ýarysy, rahatlyk — saglygyň ýarysy, sabyrlylyk — sagalmagyň sakasy.