Lukman Arkadagymyzyň gymmatly eseri

18 Oktýabr 2023
639

Ýurdumyzda, beýleki baýramçylyklar babatda bolşy ýaly, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni her ýyl uly joşguna beslenýär. Bu hünär baýramçylygynyň şu ýylky dabaralary, ajaýyp wakalary hem muny tassyklady. Biri-birinden ähmiýetli şol çäreleriň hatarynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergä, “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahata aýratyn uly orun degişli boldy. Halkara serginiň çäklerinde Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XV jildiniň tanyşdyrylyşy boldy.

Lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan ýaşlaryň, şeýle-de hünärmenleriň gollanmasyna öwrülen bu eser türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler, milli fitoterapiýa baradaky özboluşly ylmy-ensiklopedik işdir. Gahryman Arkadagymyzyň bu uly işi diňe türkmen okyjylarynyň däl, dürli dillere terjime edilmek bilen, dünýäniň ençeme halklarynyň, millionlarça okyjylarynyň arasynda hem meşhurlyga eýedir. Alym Arkadagymyzyň türkmen hem Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň işlerini, türkmen tebipçiliginiň däplerini çuňňur öwrenmek netijesinde döreden kitabynyň nobatdaky jildiniň dünýäniň saglygy goraýyş ulgamy üçin hem, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem belli bahasy ýokdur. Bu kitapda türkmen halkynyň adamzadyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine, şol sanda lukmançylyk işine saldamly goşant bolan köpasyrlyk tejribesi, saglygy goraýyş däpleri ylmy esasda çuňňur beýan edilýär.

Hojamämmet JUMAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.