Sarymsak

17 Oktýabr 2023
607

Güýz günlerinde howanyň durumy mahal-mahal üýtgäp, säher çygly, gün gijagşama agyberende howa sowamak bilen bolýar. Howanyň durumsyzlygy adamlaryň saglyk ýagdaýyna hem täsirini ýetirýär. Adamlaryň, esasan-da, ýaşlaryň arasynda günortana baka howa gyzýandygy sebäpli, pasla görä geýinmeýänleri-de duşýar. Munuň bolsa sowuklama ýaly nähoşluklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolmagy ahmaldyr. Şonuň üçin şu günler çagalaryň geýnişine ünsli bolmaly, pasla görä ýeňsiz, penjek, jempir geýmeli, gyňaç atynmaly.

Güýz-gyş möwsümlerinde nähoşluklara uçramaz ýaly sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermelidir, dogry iýmitlenmelidir, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmelidir, zyýanly endiklerden daşda durmalydyr. Zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmalydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýe maşklarynyň gün tertibine goşulmagy, witaminlere baý önümler bilen iýmitlenmek sagdynlygyň gözbaşydyr.

Sapar ALIJANOW,
Sarahs etrap hassahanasynyň lukmany.