Saglyk — baş baýlyk

17 Oktýabr 2023
959

Güýz paslynda howanyň sowamagy sebäpli ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmalydyr. Keseller howa damja ýoly bilen näsag adamlar üsgürende, asgyranda, gürlände we köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, çyglanan süpürgiç bilen ýuwup, arassalap durmaly. Öýleriňiziň penjireleri açyk duran bolsa, hiç wagt olaryň öňünde, ýagny şemalyň ugrunda durmaly däldigini bilmek zerurdyr. Mümkin boldugyça arassa howada gezelenç etmeli. Arassa howadan dem almak saglyk üçin peýdalydyr.

Her bir adam öz saglygy barada alada etmeli. Kadaly we peýdaly iýmitlenmegi, maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmagy gündelik endige öwürseňiz ol dürli kesellerden gorar hem-de sagdyn we berk bedenli bolmaga kömek eder.

Mekan AGAÝEW,
Aşgabat şäherindäki 12-nji saglyk öýüniň lukmany.