Öňdebaryjy lukmanlar höweslendirildi

17 Oktýabr 2023
534

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komiteti tarapyndan etrabyň Farap şäherindäki hassahanasynda «Saglygym ― baýlygym» atly dabaraly çäre geçirildi. Adyndan belli bolşy ýaly, bu çäre sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz yhlasy duran «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň täze wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge bagyşlandy.

Lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we ýaşulularyň gatnaşmaklarynda geçirilen çärede Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde lukmanlaryň uly toparynyň Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanylmagy, welaýatymyzdaky saglyk merkezleriniň ikisiniň durkunyň täzelenilip, ulanylmaga berilmegi, paýtagtymyzda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly serginiň, halkara maslahatlaryň geçirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XV jiltiniň çap edilmegi, iň şatlykly waka bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bütin dünýä ynsanperwerlik golunyň uzadylmagy ýaly aýratynlyklar uly ýakym bilen ýatlanyldy.

Nasiba DURDYBAÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri.