Sagdynlygyň gözbaşy

15 Oktýabr 2023
955

Her paslyň öz aýratynlygy, täsinligi bolýar. Güýz paslynda howanyň sowamagy, ýagynlylygy, çyglylygy, hem-de üýtgemegi bilen möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleri dörediji wiruslaryň köpelmegine şert döreýär. Her bir adam kesellerden goranmak arkaly sagdyn ýaşap hem-de nesillerde sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmagyň endiklerini we başarnyklaryny terbiýelemäge, geljekde ilatyň arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagyna, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüni almaga amatly şertleri döredýär. Sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň görkezýän göreldesi, olaryň öz çagalaryna keselleriň öňüni almaga hemaýatly maslahatlary, şol sanda arassaçylyk tertip-düzgünlerini dogry we doly berjaý etmegini gazanmak, sagdyn iýmitlenmek uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Güýzüň howasy adama üýtgeşik täsir edip, tebigatda gezelenç etmäge mümkinçilik döreýär. Arassa howada gezmek, dem almak adama ýokumlydyr. Munuň ynsanyň janynyň sag, şähdiniň açyk, ruhubelent bolmagynda uly ähmiýeti bar. Howa adamyň bedenindäki maddalaryň alyş-çalşygyna, endamynyň hereketine täsir edýär. Bag-bakjalaryň, tokaýlyklaryň, seýilgähleriň howasy bolsa ýakymly bolup, adamyň bütin bedenine oňaýly täsir edýär. Şonuň üçin pasla görä geýinmeli, daşary çykmazdan öň burun boşlugyna oksolin melhemini çalmaly. Aýaklar mydama ýyly saklanmaly. Aýaklaryň üşemegi birnäçe sowuklama kesellerine sebäp bolup bilýär.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy Saglyk öýüniň baş lukmany.