Halkara festiwallardan hoş habarlar

14 Oktýabr 2023
436

«Arkadagyň säheri». Ine, şeýle at bilen şu gün ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde halkara kinofestiwal öz işine başlaýar. Türkmen kino sungatynyň taryhynda aýratyn sahypalaryň birine öwrüljek festiwala dünýä döwletleriniň ençemesinden kino ýyldyzlary gatnaşýar.

Häzirki döwürde biz öz filmlerimiziň abraýly halkara festiwallarda baýraklara mynasyp bolýan günlerine şaýat bolýarys. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmler diňe şu ýylyň özünde, gör, näçe festiwalda, gör, näçe baýraga mynasyp boldular. Hatda türkmen kinoçylary öz ýurdumyzda geçirilýän ilkinji halkara kinofestiwala hem halkara baýrak bilen geldiler.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».