Şu ýylyň iýunynda Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Täze «akylly» şäher binagärlik-gurluşyk aýratynlyklary, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde gurlan edara binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň töwerekleri, seýilgähdir köçeler eýýäm dürli görnüşli baglara, al-ýaşyl zolaklara bürenip, göreniň gözüni dokundyrýar.
«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgä eýerilip, ýurdumyzda ynsan saglygy hakynda uly alada edilýär. Jemgyýetiň sagdynlygy bolsa, ilkinji nobatda, nesilleriň saglygyndan, ekologiýanyň arassalygyndan başlanýar. Halkymyzda «Durmuşyň gymmaty — saglykda» diýilmegi ýöne ýere däldir. Şoňa görä-de, Arkadag şäherinde açylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, onkologiýa merkezi, köpugurly hassahana, Saglygy goraýyş müdirligi, saglyk öýi, «Tiz kömek» merkezi ýaly desgalar gönüden-göni saglygy goraýyş ulgamyna degişli bolup, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa ekologik taýdan arassa şäherde adam saglygy barada edilýän aladanyň ýokary derejesini görkezýär.