Halk bähbitli asylly işler

13 Oktýabr 2023
840

Eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän nusgalyk işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen uzak geljegi nazarlaýan, çuňňur oýlanyşykly «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakda, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmekde, eneligi we çagalygy goramakda, keselleri has irki döwürde anyklamakda we bejermekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmekde, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda boýunça beýik işler amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň aprelinde Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň, şol ýylyň 27-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň ulanylmaga berilmegi täze taryhy döwürde halkymyzyň saglygyny goramakdaky möhüm ädimleriň aýdyň mysalydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklaryna badalga berilmegi bolsa asylly maksatlarymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygynyň buýsançly dabaralanmasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.