Zehinli ýaşlar — röwşen geljegimiz

13 Oktýabr 2023
440

Ýakynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde GDA agza döwletleriň XVII ýaşlar Delfiý oýunlary geçirilip, oňa ýurdumyzdan 20 adamdan ybarat topar gatnaşdy. Türkmenistan döwletimiziň ilkinji gezek wekilçilik eden halkara bäsleşigi Russiýa Federasiýasyndan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Azerbaýjandan ýaş zehinleriň 500-den gowragyny bir ýere jemledi. Ýurdumyzyň ýaş zehinleri bäsleşige fortepiano, skripka, estrada aýdymlary, wokal, halk saz gurallary, ýekelikde halk aýdymyny ýerine ýetirmek, şekillendiriş sungaty we çeper senetçilik ugurlary boýunça gatnaşdylar. Bäsleşige ýurdumyzdan saz ugrundan gatnaşan 13 sany ýaş zehinleriň 8-si ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanyp, olaryň 6-sy — iki kümüş, iki bürünç medala hem-de iki sany tapawutlanan diploma mynasyp bolmagy başardy. Çeperçilik ugrundan gatnaşan ýaşlaryň ikisi bolsa surat çekmek boýunça tapawutlanan diploma mynasyp boldy. Biz hem ýaşlarymyza mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Taýýarlan Daňatar GALPAKOW,
«Nesil».