Sungat maşgalasynyň üstünligi

12 Oktýabr 2023
530

Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Riştan şäherinde küýzegärlik senedi boýunça geçirilen halkara bäsleşige amaly-haşam sungaty boýunça ýurdumyzdan ýedi wekil gatnaşdy. 30-a ýakyn döwletden gatnaşan 60-a golaý senetçileriň içinden özüniň ezberligi bilen tapawutlanmagy başaran Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň suratkeşi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, keramikaçy Dilber Umarowa bäsleşikde ikinji orna mynasyp boldy. Suratkeş, sungaty öwreniji Rahman Umarowyň maşgalasy, zehinli keramikaçy Dilber Umarowa bu baýrak Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, «Sungat» birleşigi we Fergana welaýatynyň häkimligi tarapyndan gowşuryldy. Bu üstünlik Umarowlaryň maşgalasynyň nakgaşlyk, dizaýnerlik ugrundan zähmet çekýän perzentleri bilen bir hatarda sungaty söýüjileri hem buýsandyrdy.

Ýörite habarçymyz.