Wena baly

12 Oktýabr 2023
559

2011-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda ilkinji gezek Wena baly geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Awstriýa Respublikasyndan myhmanlar bilen birlikde Wenanyň esasy saz toparlarynyň biri — professor Wolfgang Harreriň dirižýorlyk etmegindäki «Iogann Ştraus» ansambly geldi. Bu ýyl bolsa Wena baly uly ruhubelentlikde täze sungat şäherinde — Arkadag şäherinde geçirildi.

«Wena» bilen «bal» sözi bu günki gün bitewi düşünjä öwrülip gidipdir. Bu ajaýyp şäheriň «Balyň paýtagty» diýip atlandyrylmagy-da ýöne ýerden däl. «Bal» sözi nemesçeden terjime edilende «pökgi» manysyny berýär. Ir döwürlerde Germaniýada pashada oba gyzlary geçen ýyl durmuşa çykan joralarynyň öýlerine baryp, içine ýüň ýa ýelek dykylyp ýasalan pökgi — «bal» sowgat eder ekenler. Oňa derek ýaş maşgala dürli tagamlar taýýarlap, sazanda çagyryp, oba ýaşlary üçin tans agşamyny gurapdyr. Bu şagalaňyň özeninde pökgi (bal) duransoň, soňlugy bilen «bal» sözi «tans agşamy» manysyna eýe bolup gidipdir.

Taýýarlan Çamma PÜRSÝANOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.