Baş baýlygyň gymmaty

11 Oktýabr 2023
597

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýatymyzda giň gerime eýe bolan çäreler mazmun taýdan biri-biriniň üstüni ýetirdi. Welaýat häkimliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalary bilen geçirilen dürli sport çäreleridir maslahatlar munuň subutnamasyna öwrüldi. Şatlyk-şowhuna, ýokary guramaçylyga beslenen çäreleriň çuňňur mazmuny ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary arkaly ynsan saglygyny ählitaraplaýyn goramagyň, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmagyň mizemez binýadynyň tutulandygyny görkezdi. Ýetilen sepgitleriň ählisi «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hem-de Milli Liderimiziň gymmatly lukmançylyk taglymatlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Netijede, hil babatda halkara kadalara laýyk gelýän, durnukly ösýän we özgerýän milli saglygy goraýyş ulgamynyň berk binýady kemala geldi, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleri üstünlikli ornaşdyryldy.

Mollagara şypahanasynda geçirilen esasy baýramçylyk çäresiniň mazmunynda hem şeýle buýsançly hakykatlar mynasyp beýanyny tapdy. Dabarada uly orun berlen gutlag çykyşlarynda milli saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getiren Gahryman Arkadagymyzyň, ulgamdaky döwletli tutumlary üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy. Joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen milli tanslar alkyş sözleriniň üstüni ýetirdi. Dabarada saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy işgärlerine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Bu ýerde guralan sergi bolsa saglygy goraýyş ulgamynyň täze taryhy eýýamdaky depginli ösüşini özboluşly açyp görkezdi.

Nurmämmet Hydyrow,
«Balkan».