Saglyk bolsun!
Ýurdumyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň maksady saglygy goraýşy has kämil derejä ýetirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, sagdyn durmuş endiklerini netijeli ýola goýmak, şeýle hem ilatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. «Keseli bejereniňden, öňüni alanyň aňsat» diýen jümleden ugur alyp, döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda uly işler amala aşyrylýar.