Saglyk — baş baýlyk

8 Oktýabr 2023
785

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümiz taryhy wakalara beslenýär. Bedew batly eziz Diýarymyzda ähli pudaklar boýunça uly ösüşler gazanylýar, ýurdumyzyň abraý-mertebesi has-da ýokary derejelere eýe bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn ünsüň berilýändigi bellenmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy häzirki döwrüň ähli mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirýär. Ylaýta-da, çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegi milli aýratynlyklara laýyklykda durmuşa ornaşdyrmak, ilatymyzy Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň hem-de ýerli çig mallaryň hasabyna öndürilýän dermanlar bilen üpjün etmek ýaly ugurlarda uly netijeler gazanyldy. Häzirki ajaýyp döwrümizde

Ýakup NEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň assistenti.