Lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlanýar

6 Oktýabr 2023
653

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda bimöçber tagalla edilýär.

Bu ugurda Arkadag şäherinde saglyk öýüniň gurulmagy we onda alnyp barylýan işler has-da guwandyryjydyr. Täze saglyk öýi Arkadag, Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň ilatyna hyzmat edýär. Saglyk öýüne halkara ölçeglere laýyk gelýän tehnologiýalar ornaşdyrylyp, bu ýerde şöhle bilen anyklaýyş bölümi, anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň USB otagy, EKG, endoskopiýa, reografiýa, stomatologiýa, densitometriýa otaglary, oftalmolog we LOR lukmanlaryň otagy, aýallara maslahat beriş bölümi, maşgala bölümleri, fiziobejeriş we bejeriş bedenterbiýe hem-de sagaldyş otagy, gündizki ýatymlaýyn bölümleri, şeýle hem fitobar ýerleşýär. Saglyk öýüniň dolandyryş bölüminde ylmy-amaly maslahatlary, ýygnaklary geçirmek üçin 180 orunlyk uly we 30 orunlyk kiçi mejlisler zallary bar. Şeýle-de bu ýerde kompýuterler internet ulgamyna birikdirilen. Saglyk öýi Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Polşanyň, Günorta Koreýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Awstraliýanyň, Fransiýanyň, Çehiýanyň, Wengriýanyň, Portugaliýanyň, Ýaponiýanyň iň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri bilen üpjün edilendir.

Hemraguly HAŞYROW,
Arkadag şäheriniň saglyk öýüniň baş lukmany.