Sagdyn we sapaly durmuşymyzyň keşbi

5 Oktýabr 2023
605

Eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän tutumly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet ideologiýasyny dabaralandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň, şol ýylyň 27-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde bina edilen 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň ulanylmaga berilmegi onuň anyk mysallaryndandyr.

Annamyrat ALLABERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, dosent.