Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy

4 Oktýabr 2023
550

10-njy oktýabr Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň günüdir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilip,  ulgam ähli taraplaýyn ösdürilýär. Muny bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli tutumly işler subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler raýatlaryň saglygyny goramak bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda keselleriň öňüni almak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, anyklaýyş-bejeriş işlerini kämilleşdirmek, döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen, olary ylmyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan enjamlar bilen üpjün etmek, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, derman senagatyny ösdürmek babatda edilýän tagallalaryň hem aladalaryň netijesinde ata Watanymyz sagdynlygyň mekanyna öwrüldi. Arkadagly Serdarymyz: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belläp geçýär. Şundanam görnüşi ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda dünýä hil ülňülerine gabat gelýän saglygy goraýyş edaralary gurulýar we döwrebaplaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen taryhy mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, şu ýyl saglygy goraýyş ulgamyna Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdeleri goýberilip, saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesi gönükdirildi. Paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa merkezleriniň düýbi tutuldy. Geljegiň şäheri bolan Arkadag şäherinde bolsa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 350 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ilkinji orunda goýulýandygynyň subutnamasydyr.

Muhammetmyrat Öwezow,
«Balkan».